JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Tokioda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen duşuşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzy syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk däpleriniň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, özara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, ykdysady ulgamlarda alnyp barylýan bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň zerurdygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýapon işewürliginiň, maliýe institutlarynyň, ugurdaş agentlikleriň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşýan goşandyny belläp, täze önümçilikleri döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi tizleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygyna ünsi çekdi.

Şeýle-de türkmen tarapynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, wodorod tehnologiýalary ýaly «ýaşyl» geçiş bilen bagly ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Ylym-bilim, medeniýet, ýaşlar, sport ulgamlary hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar.

Ýene-de okaň

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär