JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-nyň liderleri Döwlet Ermitažyna baryp gördüler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we GDA-nyň Baştutanlary Russiýanyň iň iri muzeýleriniň biri bolan Döwlet Ermitažyna baryp gördüler.

Belent mertebeli myhmanlar üçin muzeýde gezelenç guraldy. Döwlet Baştutanlary Aleksandrow zalynda we XVIII asyryň sransuz sungaty zalynda ýerleşdirilen ähmiýetli eksponatlary synladylar.

 

Gymmat bahaly metallardan ýasalan arheologik tapyndylaryň saklanýan ýeri bolan «Altyn hazynanyň» üýtgeşik kolleksiýalaryna, şeýle hem taryhy tapyndylar bilen tanyş boldular.

Şeýle hem melent mertebeli myhmanlar muzeýiň bütin dünýä belli ýygyndysyny emele getirýän beýleki ekspozisiýalary we zallary bilen hem tanyşdylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň ýolbaşçylaryna muzeýiň taryhy we onuň iň möhüm taryhy-medeni gymmatlyklary barada giňişleýin maglumat berildi.

Bu medeni toplumyň 1764-nji ýylda esaslandyrylandygy we onuň Gyşky köşgi hem öz içine alýan ýedi sany taryhy binadan ybaratdygy barada habar berildi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy