JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistan energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ugratmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Italiýa Respublikasynda resmi saparda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň ikinji güni wakalara baý boldy. Hormatly Prezidenti türkmen-italýan işewürler maslahatyna gatnaşdy. Bu barada “Watan” habarlar gullugy habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň tebigy gazy gaýtadan işlemegi, eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça doly derejeli milli pudagy döretmegi dördünji strategik maksat hökmünde görýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň eksport ugruny diwersifikasiýalaşdyrmagynyň, günbatar ugry boýunça iri turba geçirijilerini gurmagyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugry bolýandygyny aýdyp, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça beýan edilen meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen ýurdumyzyň bu işlerde italýan işewürliginiň hem mynasyp orun almagyny isleýändigini, munuň üçin ähli zerur şertleri döredilmegine taýýardygyny tassyklady.

2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýan “Eni” öňdebaryjy italýan nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Italiýanyň kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary we serişdeleri getirýärler.

Türkmenistan energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ugratmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär  -diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň bu mesele boýunça italýan hyzmatdaşlar bilen içgin dialoga taýýardygyny tassyklady.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň diňe çig malyň eksporty bilen çäklenmezligi teklip edip, italýan kompaniýalaryny Türkmenistandan Ýewropa ýurtlaryna elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamalaryny maliýeleşdirmäge we olara gatnaşmaga çagyrdy.

Munuň üçin anyk şertler döredilýär. Hususan-da, Hazaryň türkmen kenarýakasynda kuwwaty 1574 megawatt bolan elektrik stansiýasy gurulýar, diýip döwlet Baştutanymyz belledi we italýan hyzmatdaşlarymyz bilen Gün we ýel energiýasyny ulanmak boýunça hem işlemäge taýýardygyny belledi.

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar