JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Arkaç, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Gazal, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Diýar, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Güneş, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Pälwan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ynamly, Arkadag şäheriniň atşynaslarynyň adyndan Parahat atly ajaýyp bedewler sowgat berildi. Şol pursatlarda welaýatlara hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýaş nesiller ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny joşgunly goşgy setirleri arkaly beýan etdiler.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Watançy atly bedew sowgat berildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşýan welaýatlaryň hormatly ýaşulularyna, behişdi bedewleriň şöhratly ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Parahat atly bedewiň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakdy.

Ýene-de okaň

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri