JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynda resmi saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda resmi saparda bolar. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrjak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi. Geçen ýyllarda gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde boljak saparyň iki ýurduň doganlyk halklaryna taryhy taýdan emele gelen umumylyga daýanýan däp bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam etjekdigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýunynda türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşypdy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna özüniň ilkinji resmi saparyny amala aşyrar.

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Türkmenistanda ýolbaşçy düzümler 1-nji awgustdan başlap dynç alşa çykar

Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna

Talyp-2025: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Talyp-2025: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Ata Watan Eserleri