JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkara giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň has-da belende galmagyna gönükdirilen giň möçberli işlerinde üstünlik arzuw etdi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň sebitleýin we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm guraly hökmünde ykrar edilendigini belläp, myhman döwlet Baştutanymyzy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň gowşurylmagy bilen gutlady.

Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga möhüm üns berilýär. Türkmenistan bu Guramada synçy döwlet hökmünde özüniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny yzygiderli beýan edýär.

Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlardaky ägirt uly mümkinçilikleri nazara alyp, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag-aragatnaşyk we söwda ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we tagallalary utgaşdyrmak möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, medeni-ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça maksatnamalaryň we taslamalaryň gerimini giňeltmek we bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär