JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: Täze ýyl baýramçylygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.

Tamamlanyp barýan ýylda Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy halkara derejede giňden bellenildi. Geçip barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň 44, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 11 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 24-si geçirildi. Bu mejlislerde we maslahatlarda döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyna degişli möhüm soraglara seredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň dowamynda oňa gatnaşan ýolbaşçylara Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylygyň tertibini ýola goýmagy, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygynyň, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, bejeriş, öňüni alyş edaralarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany bazarlarda we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň bolçulygyny has-da üpjün etmegi, baýramçylyk günlerinde raýatlaryň gowy dynç almagy üçin medeni çykyşlary guramagy, şäherlerde we obalarda jemgyýetçilik ulaglaryň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ähli ýerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmelmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hemmeleri täze 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady we geljek ýylda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, berkarar döwleti ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy