Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Bu barada Täjigistanyň resmi habarlar gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentini Duşanbe şäheriniň halkara howa menzilinde Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşylady.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar we gepleşikler göz öňünde tutuldy, bu gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Mälim bolşy ýaly, 14-15-nji sentýabrda Duşanbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.
