JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Bu barada Täjigistanyň resmi habarlar gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentini Duşanbe şäheriniň halkara howa menzilinde Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşylady.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar we gepleşikler göz öňünde tutuldy, bu gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Mälim bolşy ýaly,  14-15-nji sentýabrda Duşanbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi

BMG Merkezi Aziýany dünýäniň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň biri diýip atlandyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri