JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji gatnaşan ählihalk çäresi hökmünde uly ähmiýete eýe boldy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýanyna ýurduň ýaş nesliniň wekili baryp, bag ekmek dabarasyna ak pata bermegi haýyş etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, asylly işe ak pata berdi. Çärä gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentiň göreldesine eýerdiler. Bu asylly işe ýurduň sebitleriniň ýaşaýjylary hem goşuldylar. Nahallaryň welaýatlaryň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna durnukly baglaryň görnüşlerinden saýlanyp alnandygyny-da bellemek gerek.

Şu gün Ahal welaýatynda 80 müňden gowrak agaç nahallary oturdyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň günbatar sebitinde, ýagny Balkan welaýatynda agaç nahallarynyň 60 müňe golaýy ekildi. Daşoguz welaýatynda dürli agaç nahallarynyň 300 müň düýbi ekiler.

Degişli resminama laýyklykda, Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy.

2020-nji ýylda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp, 2021-nji ýylda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp agaç nahaly oturdyldy.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasyna gutlag hatyny iberdi

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürilýär

Gazak ministri: Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly ösmegine aýratyn üns berilýär

Oguljahan Atabaýewa Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Russiýa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işlerine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasynyň ministri Türkmenistana sapar bilen geldi

Oraza baýramynyň 30-njy martdaky dynç güni 31-nji marta geçirildi