Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentine hat ýollady. Şol hatynda dostlukly ýurduň Prezidenti milli Liderimizi özi üçin amatly wagtda resmi sapar bilen Özbegistana gelip görmäge çagyrdy. Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iberen hatynda Awazada Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň örän ýokary derejede guralandygy belläp geçipdir.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iberen hatynda hususan-da şeýle diýilýär:
Däp bolan mähirli myhmansöýerlik bilen göwnaçyk garşylandygyňyz hem-de ajaýyp Awazada Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň örän ýokary derejede guralandygy üçin Size we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň doganlyk halkyna örän uly hoşallygymy bildirýärin.
Merkezi Aziýada durnuklylygy, sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy we ylalaşygy pugtalandyrmakda Siziň işjeň tagallalaryňyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilendigini aýratyn nygtamak isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Siziň başlangyjyňyz boýunça geçirilen, maksatnamalara örän baý bolan nobatdaky konsultatiw duşuşyk örän netijeli boldy we onuň aýdyň netijeleriniň doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň müňýyllyklara uzaýan gatnaşyklary bilen bagly bolan biziň ähli halklarymyzyň düýpli bähbitlerine we umytlaryna laýyk gelýändigi gürrüňsizdir.
Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy — munuň özi sebitleýin gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylmagyna möhüm goşant bolan hakyky taryhy wakadyr. Ol sebitde ýola goýlan täze ýagdaýlaryň mizemez häsiýetini, döwlet Baştutanlarynyň pugta syýasy erkini hem-de özara ynanyşmagy we goldawy mundan beýläk-de güýçlendirmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydyklaryny görkezdi.
Siziň başlangyjyňyz boýunça guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, ykdysady forumy, milli önümleriň sergisi, milli tagamlaryň festiwaly we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti biziň doganlyk halklarymyzyň ruhy ýakynlygyny, däp-dessurlarynyň meňzeşdigini, şeýle hem olaryň sebitiň gün tertibini hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga bolan ymtylmalaryny doly derejede ýüze çykardy.
Gadyrly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň bilen geçirilen netijeli ikitaraplaýyn gepleşikler strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge biziň taýýardygymyzy ýene-de bir gezek tassyklady. Bu gün biz özara hormat goýmak, goldaw bermek we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan özbek-türkmen gatnaşyklarynyň Merkezi Aziýada durnuklylygy we rowaçlygy üpjün edip, halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigini ynam bilen nygtap bilýäris.
Pursatdan peýdalanyp, Sizi özüňiz üçin amatly wagtda resmi sapar bilen Özbegistana gelip görmäge çagyrmaga rugsat ediň!
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk hem-de döwlet işleriňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti ÅHG-niň sammitine çakylyk aldy