JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin bu ýurda bardy. Bu barada Özbegistanyň resmi habarlar gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentini Samarkandyň halkara howa menzilinde Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow garşylady.

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-nyň sammitiniň çäklerindäki ýokary derejedäki duşuşyklara gatnaşar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda döredildi. Şu geçen döwrüň içinde guramanyň hyzmatdaşlyk boýunça hemişe hereket edýän düzümi döredildi, ýagny ministrleriň we bilermenler toparynyň duşuşyklary ýola goýuldy, her bir ýurt tarapyndan bellenilýän milli utgaşdyryjylar iş alyp barýarlar. Ol häzirki wagtda täze halkara gurama hökmünde dünýäde öz ornuny barha pugtalandyryp, geografiýasynyň çäklerini giňeldýär, agzalarynyň we hyzmatdaşlarynyň sanyny köpeldýär.

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider