DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Mustakillik meýdanyna gül goýdy

Resmi sapary bilen Özbegistan Respublikasyna baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Daşkent şäherindäki Mustakillik meýdanyna bardy.

Özbegistanyň resmi habarlar gullugynyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Türkmenistanyň Prezidentine Mustakillik meýdanynyň ähmiýeti barada maglumat berildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana saparynda özi üçin göz öňünde tutulan kabulhana gitdi.

Saparyň esasy wakalary 5-nji oktýabrda bolar. Kuksaroý kabulhanasynda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler. Gepleşikleriň barşynda ilkinji nobatda söwda, ulag we üstaşyr, energetika, senagat, oba hojalygy we suw dolandyryşy boýunça hyzmatdaşlyk taslamalaryny ösdürmek, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek ýaly ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary halkara syýasatynyň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşarlar.

Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana bardy

Ýene-de okaň

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Azerbaýjan-Türkiýe-Gruziýa: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy