JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda ähli halkymyz tarapyndan jebislikde, agzybirlikde bellenilýän şanly seneleriň biri her ýylyň 7-nji aprelinde uly dabaralara beslenýän Bütindünýä saglyk günüdir. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş paýtagtymyzda ýerleşýän “Welosiped” binasyndan badalga aldy we şäheriň şaýollaryndan geçdi.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi.

2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamany kabul etdi. Dünýäniň 56 döwleti onuň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. Şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň teklibi boýunça «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi