Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe prezident saýlawlaryna gazanan ýeňşi bilen gutlady. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Bu gutlagda hususan-da şeýle diýilýär:
– Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.
Saýlawlaryň netijeleri, azerbaýjan halkynyň döwletliligi we durmuş-ykdysady ösüşini berkitmäge gönükdirilen syýasy ugruňyza bolan ynamyň we goldawyň ýokary derejesidir. Bu möhüm wakanyň geljekde Azerbaýjan Respublikasynyň ösüşine we raýatlarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyna kömek etjekdigine ynanýaryn.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň okgunly ösüşini bellemek begendirýär. Bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň peýdasyna ösmegine we çuňlaşmagyna dowam etjekdigine ynanýarys. Şahsy ünsüňiz we ýurtlarymyzyň arasyndaky gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde uly goldawyňyz üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris.
