JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumony kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumy ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ileri tutulýan ugur bolup durýar. Ilatyň durmuşy we maddy hal-ýagdaýy köp babatda bu pudagyň ösüşine baglydyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz pudagy ösdürmäge, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we daýhanlaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge aýratyn üns berýär. Oba hojalyk toplumyny kämilleşdirmek, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ýurt kompaniýalary, ilkinji nobatda, baý tejribesi we kämil tehnologiýalary bolan öňdebaryjy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny aýdyp, “IGNFI” kompaniýasyny hem şolaryň hatarynda belledi.

Nygtalyşy ýaly, pudagyň sanlylaşdyrylmagy durnukly oba hojalygy üçin täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem takyk ekerançylyk we agronomiýanyň durnukly usullary ýaly innowasion tejribeleri ornaşdyrmaga şert döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Işewür Türkmenistanda oba hojalyk pudagy boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri