JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna  gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Edermen Watan goragçylaryny hem-de  tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwerlik ýörelgeleriniň möhüm bölegidir. Olary hormat-sarpa bilen ýatlamak halkymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillerimize ýetirmekde örän ähmiýetlidir.

Hatyralamak çäreleri paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.

Paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen şu günki hatyralamak çäresi ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.

Ýene-de okaň

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy