JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

Gadymy döwürlerden bäri halkymyz tarapyndan baýramçylyklarda we şanly senelerde ahalteke atlarynyň çapyşyklarynyň geçirilmegi taryhy köklerimize, ata-babalarymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanyna öwrüldi. Bu şowhunly we ajaýyp çäre diňe bir özboluşly we gadymy ahalteke tohumly atlaryň naýbaşy wekilleriniň bäsleşigi bolman, eýsem, “asman atlarynyň” gaýtalanmajak gözelliginiň we kämilliginiň beýanydyr.

Ahalteke bedewleri adymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilipdir. Umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr we köňül buýsanjydyr.

Häzirki döwürde atçylygy we atçylyk sportuny halkara derejesinde ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär.

Ganatly bedewleriň Watany bolan Türkmenistanda atçylyk döwlet ähmiýetli iş hökmünde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pudakda amala aşyrylýan giň gerimli işlere uly üns berýär. Bu ugurdaky çäreler ylmy esasda amala aşyrylýar. Bu asylly işde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr.

Türkmen atşynaslary tarapyndan ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny yzygiderli artdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Garaşsyz Watanymyzda atçylygy, atçylyk sportuny ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin zerur işler geçirilýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy.

Düýn, 27-nji sentýabrda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen dabaraly ýörişde hem ahalteke bedewleri öz gözelligini görkezdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-ABŞ” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Wladimir Zelenskiý Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy giňden bellenildi

Garaşsyzlyk baýramynyň dabaraly harby ýörişi

Ata Watan Eserleri