JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşýar.

Ýokary derejeli mejlisiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz birnäçe duşuşyklary geçirdi, şol sanda Germaniýanyň Hökümetiniň Baştutany we meşhur nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzakmöhletleýin esasda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu gatnaşyklar 90 sany dürli ylalaşyklary we şertnamalary öz içine alýan berk hukuk binýadyna esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara Ykdysadyýet günleriniň, işewürlik maslahatlarynyň we ykdysady sergileriň yzygiderli geçirilýändigini belläp, Bilelikdäki  türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde bitirýän hyzmatlaryny aýratyn belledi.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň başlyklyk etmeginde geçirilen Sammitiň işine Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolts, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýarlar.

2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 305 million dollara deň boldy. Türkmenistanda Germaniýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 597 million dollar, 594 million ýero hem-de 731 million mark möçberinde 199 taslama hasaba alyndy. Bu barada şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda bellenilip geçilipdi.

Ýene-de okaň

«Kudo Kudo» türk fastfud restorany: Aşgabatda täze şahamçasyny açdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar

Türkmenistanyň Prezidenti german işewürleriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Liderleri we Germaniýanyň Kansleriniň bilelikdäki beýanaty

Astanadaky ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammiti fotosuratlarda

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada german işewürleri bilen duşuşdy