JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň däp boýunça her ýylda geçirilýän resmi däl Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna gitdi.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Soňky ýyllarda häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde wajyp orny eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, ýurdumyz GDA agza döwletler bilen ählumumy maksatlary we her bir tarapyň milli bähbitlerini nazara almak bilen, guramanyň işine işjeň gatnaşýar.

Resmi däl ýagdaýda geçirilýän duşuşyk GDA döwletleriniň ýolbaşçylaryna umumy gyzyklanma bildirilýän halkara derejesindäki birnäçe meseleleri, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.

Related posts

Maýa Kulyýewanyň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Ata Watan Eserleri

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sammiti: gol çekilen ylalaşyklar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment