JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Eswatininiň Patyşasy şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini belledi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny, şunda Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklara-da uly ähmiýet berilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekilmegi wajyp ähmiýete eýe boldy. Munuň özi iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm binýat bolup hyzmat eder.

Taraplar iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin berk binýady döretjekdigine, Türkmenistan bilen Eswatininiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga ýardam berjekdigine, parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri