JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-sini amala aşyrdy

Paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary” atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, 2025-nji ýylda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem-de özara saparlar işjeň dowam edendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-sini amala aşyrandygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem 9 ýurtda saparda bolandygy, şol bir wagtda daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana saparlarynyň 31-siniň guralandygy aýdyldy. Munuň özi ýurdumyz tarapyndan işjeň daşary syýasatyň alnyp barylýandygyna, Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleriniň iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan «Merkezi Aziýa +» dialogynyň işine-de netijeli gatnaşdy. Olaryň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Ýewropa Bileleşigi, Italiýa Respublikasy ýaly ýurtlar bilen duşuşyklar geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi