JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti BRIKS sammitine gatnaşmak üçin Tatarystana bardy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy. Türkmenistanyň Prezidenti Kazan şäherinde geçirilýän BRIKS sammitine gatnaşar. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň metbugat gullugynyň başlygy Liliýa Galimowa habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Kazanyň halkara howa menzilinde Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar garşylady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça “BRIKS+” formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşar.

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde BRIKS sammiti öz işine başlady. Bu sammite hem-de onuň ýany bilen geçirilýän halkara forumlaryna gatnaşmak üçin dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden ýokary derejeli myhmanlar Kazana bardylar. BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş hem sammite gatnaşýar.

2006-njy ýylda döredilen BRIKS guramasy –  Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrikanyň gatnaşmagynda esaslandyryldy. Ilki bilen, ýagny 2006-njy ýylda Braziliýa, Russiýa, Hindistan we Hytaý bileleşip, BRIK guramasyny döretdi. 2010-njy ýylda olaryň düzümine Günorta Afrika Respublikasy goşulyp, gurama BRIKS boldy.

2024-nji ýylda bolsa, gurama Müsür, Eýran, BAE, Saud Arabystany we Efiopiýa goşuldy.

 

BRIKS sammiti başlady

Ýene-de okaň

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi

8-12-nji dekabr aralygynda Aşgabadyň merkezi köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

Ata Watan Eserleri