JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti «BRIKS+» sammitinde çykyş etdi

Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy iri ykdysady-diplomatik çäräniň — XVI BRIKS sammitiniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu gün bolsa sammit «BRIKS+» görnüşindäki plenar mejlis bilen dowam etdi. «Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezinde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşyp, sammitiň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlar boýunça Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlardyr alnyp barylýan işler barada çykyş etdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

XVI BRICS sammitiniň «BRIKS+» görnüşindäki mejlisine GDA ýurtlarynyň Baştutanlary, Aziýanyň, Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň, Latyn Amerikasynyň wekiliýet ýolbaşçylary, käbir halkara guramalaryň ýerine ýetiriji edaralarynyň başlyklary gatnaşdylar. Kesgitlenen gün tertibine laýyklykda, duşuşyga gatnaşyjylar durnukly ösüş, garyplygy aradan aýyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak, tehnologiýalardyr bilimleri alyşmak, terrorçylyga, serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda ýurdumyzyň «BRIKS+» görnüşindäki mejlise ilkinji gezek gatnaşýandygyny, şeýle iri wekilçilikli çärä çakylyga Türkmenistana bolan hormatyň nyşany hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglylykda, ykdysadyýet, energetika, durnukly ulag ulgamy boýunça möhüm teklipler bilen çykyş edýär. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak; Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny; Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek; häzirki geoykdysady ýagdaýlarda ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmak; howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmek barada barýar.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ynsanperwer ulgamda, şol sanda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde ýurdumyzda edilýän tagallalara ünsi çekip, türkmen tarapynyň bu babatda toplanan tejribeleri beýleki döwletler bilen paýlaşmaga taýýardygyny belledi.

Ýene-de okaň

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda 45 milliard dollarlyk taslamalary amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyñ Milli Lideriniň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “swap” tebigy gazyny eksport etmäge taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “Transhazar” gaz geçirijisine çynlakaý garaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-da Erik Stýuart bilen duşuşdy

Arkadag şäherinde we Awaza döwrebap golf meýdançalary gurlar