Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde çykyş etdi. Bu barada BMG-niň Täzelikler gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hemişelik Bitarap döwlet hökmünde, halkara parahatçylygy we howpsuzlygyny üpjün etmekde BMG bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek we hormat goýmak esasynda gepleşikler üçin şertleri döretmek ugrunda oňyn ädimleriň edilýändigini belledi. Bu bolsa ählumumy we sebit derejesinde durnukly we ygtybarly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda bu maksatlara ýetmegiň iň täsirli usullarynyň biri hökmünde Bitaraplyk ýörelgeleriniň amaly taýdan durmuşa geçirilýändigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 80-nji mejlisiň aýratyn gün tertibine “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine” mowzugyny girizmek başlangyjyny hödürledi. Şeýle hem «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.
Baş Assambleýa 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edenlidigi mynasybetli Türkmenistan özünde ýokary derejeli halkara forumyny geçirer. Şeýle hem döwletleriň ählumumy ösüşi ilerletmek babatda çemeleşmelerini ýakynlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan döwletimiz BMG-niň howandarlygynda Halklaryň arasynda parahatçylyk, ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak medeniýetiniň meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürdi.
Şunuň bilen baglylykda, Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksiniň işlenip taýýarlanylmagyň hem möhüm bolup durýandygy bellenildi.
Halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen, durnukly ulag geçelgelerini ösdürmek we ähli ýurtlar üçin elýeterliligi üpjün etmek ugrunda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasyna 2026–2035-nji ýyllary Durnukly ulag Onýyllygy diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň taslamasyny hödürledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasy başlangyjyny öňe sürdi.
Ösüşiň başga bir ileri tutulýan ugrunyň biri sanly öwrülişikdir. Türkmenistanyň Prezidentiniň belläp geçişi ýaly, bu işler deňagramly bolmaly, ähli ýurtlaryň, şol sanda ösüp barýan döwletleriň hakyky bähbitlerini we kanuny gyzyklanmalaryny özünde jemlemeli.
Şunuň bilen bagllykda, Tükrmenistanyň Prezidenti Dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu platforma deňhukuklylyk, ynam we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň parahatçylyga, howpsuzlyga hem-de durnukly ösüşe zyýan berip ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanar.
Döwlet Baştutany BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň ekologiýa we howa meseleleri boýunça öz başlangyçlary bilen çykyş edip, şol sanda Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisinde hödürlenen Hazar ekologiýa başlangyjyny öňe sürjekdigini belläp geçdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer hyzmatdaşlyga gönükdirilen halkara başlangyçlary hem dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.