JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygyny giňden dabaralandyrdy.

Asylly däbe görä, esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: “Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr. Şu nukdaýnazardan, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine we dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berdi” diýip belleýär.

Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy baradaky halkara hukuk derejesiniň we merdana halkymyzyň parahatçylyk, durnukly ösüş baradaky asylly ýörelgeleriniň esasy nyşany bolan belent başly Bitaraplyk binasynyň etegine gül çemenini goýdy.

Şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler