JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar bilen barýar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrjak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 1995-nji ýylyň oktýabrynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistan bilen BAE hökümetleriň we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygidelri gatnaşyklar ýola goýuldy.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürlýär. Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Şunda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topara möhüm orun degişlidir.

Hazirki wagtda Abu-Dabiniň ösüş gaznasy we BAE-niň beýleki maliýe düzümleri bilen bilelikde maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE resmi sapary boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi