DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Şu gün  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Şonuň çäklerinde däp bolan “Dünýä aşhanasy” bäsleşigi geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä dürli ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we halkara guramalary gatnaşdylar. Bu çärede Azerbaýjan döwletine bu ýurduň Türkmenistandaky Ilçihanasy wekilçilik etdi. Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň stendi bilen tanyşdy. Azerbaýjan Ilçihanasyna bu çärä gatnaşandygy üçin aýratyn şahadatnama gowşuryldy.

Maglumatlara görä, Azerbaýjan pawilionynda milli aşhananyň nusgalary, gadymy däp-dessurlar, bezeg we amaly sungatyň nusgalary we Nowruzyň esasy aýratynlyklary sergilendi.

Çärä gatnaşyjylar Azerbaýjan medeniýetine uly gyzyklanma bildirdiler we myhmanlara milli aşhananyň tagamlary dadyryldy.

Azerbaýjan ilçihanasynyň wekilleri Nowruz baýramynyň umumy gymmatlyklary barada gürrüň berip, bu baýramçylygyň parahatçylygyň, dostlugyň we agzybirligiň nyşanydygyny aýtdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler