DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gutlag hatynda geçen ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda ruhy we medeni gymmatlyklara, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mynasyp derejede ösdürilendigi hem-de yzygiderli giňeldilýändigi bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini nygtap, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, işinde täze üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

 

Türkmen pälwany Döwletjan türk serialynda surata düşdi

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi