JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Astrahanyň gubernatoryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Bu barada Igor Babuşkin habarçylara habar berdi.

TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda logistika we gämigurluşygy ugurlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

– Biz duşuşykda logistika ulgamyny ösdürmek, Türkmenbaşy bilen Astrahan portlarynyň arasynda gämi gatnaw liniýasyny döretmek, Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek işini dowam etdirmek ýaly ugurlary maslahatlaşdyk – diýip, Igor Babuşkin belläp geçdi.

Babuşkin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem syýahatçylyk pudagy bolup durýandygy belläp, gämili syýahatçylygy ýola goýmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny belledi.

Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Aşgabada “Hazar – dostlugyň deňzi” atly motor ýörişine gatnaşýan toparyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada geldi. Bu ýöriş 1-nji aprelde başlady. Oňa gatnaşyjylar Aşgabada gelip, 2,5 müň kilometr ýol geçdi. Ýöriş umumy uzynlygy 5 müň kilometre deňdir. Motosiklli gatnaşyjylar Gazagystanyň Atyrau we Aktau şäherlerini, Türkmenistanyň Türkmenbaşy we Aşgabat şäherlerini geçdiler. Olara geljekde Eýranyň Babolser we Reşt, Azerbaýjanyň Astar we Baku şäherleri garaşýar. Motor ýörişi 11-nji aprelde Astrahanda tamamlanar.

Ýene-de okaň

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri