JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti «Astana» halkara maliýe merkezine baryp gördi

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Gazagystanda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Astana» halkara maliýe merkezine baryp gördi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Döwlet Baştutanymyz käbir resmi wekiller bilen bilelikde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň iň gowy tejribelerini we döwrebap mümkinçiliklerini birleşdirýän bu özboluşly merkezde bolup, onuň alyp barýan işi hem-de aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdy.

Astanada geçirilen «EKSPO ― 2017» halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň infrastrukturasynyň binýadynda ýerleşýän bu merkeziň taslamasyna 2015-nji ýylda badalga berildi we 2018-nji ýylyň iýulynda onuň resmi taýdan açylyş dabarasy boldy. Gazagystanyň bu milli megataslamasy dünýäniň maliýe düzümleriniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemläp, oňa gatnaşyjylar diňe bir Gazagystanyň ýa sebitiň däl, eýsem, tutuş dünýä ýurtlarynyň hem kapitalyna elýeterlilik alýarlar. «Astana» halkara maliýe merkezi, esasan, maýa bazary, aktiwleri hem-de hususy taraplaryň serişdelerini dolandyrmak, yslam maliýesi, maliýe tehnologiýalary we «ýaşyl» maliýe ýaly 6 ugry ösdürmegi ileri tutýar.

Häzirki wagta çenli merkezde dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan kompaniýalaryň 1500-den köpüsi hasaba alnyp, olar bank, ätiýaçlandyryş, maýa goýum we hünärmen hyzmatlaryny hödürleýärler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri