BILIM

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti: Talyp: 2021

Hormatly okyjylarymyz!

Biz Size ilki bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti baradaky maglumaty ýetirýäris. Yzygiderli tertipde ähli okuw mekdepleri boýunça maglumatlary aýratynlykda Size ýetireris.

Ähli ýokary okuw mekdepleri üçin resminamalar tabşyrmak boýunça maglumatlary almak üçin  ATAWATAN TALYP 2021 şu ýere basyň!

Ýokary okuw mekdepleri: Ähli habarlaryň jemlenen ýeri

TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY

INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETI

2021/2022-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

  1. Matematika we mehanika (taýýarlygyň ugry: amaly matematika we informatika (inženerler üçin matematika)).
  2. Biologiýa ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: öýjük we molekulýar biologiýa; genetika we bioinžiniring; mikrobiologiýa).
  3. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugurlary: himiki tehnologiýa; himiki inžiniring).
  4. Senagat ekologiýasy we biotehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: biotehnologiýa).
  5. Materiallaryň tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy).
  6. Nanotehnologiýalar we nanomateriallar (taýýarlygyň ugry: nanomateriallar).
  7. Ýeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak; kartografiýa we geoinformatika).
  8. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk; mobil we tor inžiniring; animasiýa we grafika dizaýny; emeli aň we ekspert ulgamlary; maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri; sanly ykdysadyýetiň tehnologiýalary).
  9. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugurlary: awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy).
  10. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry: elektronika we nanoelektronika).
  11. Fotonika, abzalgurluşyk, optiki we biotehniki ulgamlar we tehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: biolukmançylyk elektronikasy).
  12. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: işgärleri dolandyryş; innowasion ykdysadyýet; tehnologiýa işewürligi; innowasion menejment we halkara işewürligi).
  13. Fizika-tehniki ylymlar we tehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: häzirkizaman tehnologiýalaryň fizikasy).
  14. Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili); kompýuter lingwistikasy).

Uniwersitetde okuwlar iňlis we ýapon dillerinde geçirilýär.

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Okuwyň dowamlylygy 5 okuw ýylyna (1 ýyl — iňlis we ýapon dili boýunça dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat ş.) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 28-29-y, 30-y we 31-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 2-3-i, 4-i we 5-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 8-i we 9-y günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 11-i, 12-si we 13-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: himiki tehnologiýa; himiki inžiniring; materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy; nanomateriallar — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: öýjük we molekulýar biologiýa; genetika we bioinžiniring; mikrobiologiýa; biotehnologiýa; ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak — biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: häzirkizaman tehnologiýalaryň fizikasy; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy; elektronika we nanoelektronika; sanly ykdysadyýetiň tehnologiýalary; sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk; maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: amaly matematika we informatika (inženerler üçin matematika); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; mobil we tor inžiniring; animasiýa we grafika dizaýny; emeli aň we ekspert ulgamlary; kartografiýa we geoinformatika; innowasion ykdysadyýet; tehnologiýa işewürligi; işgärleri dolandyryş; innowasion menejment we halkara işewürligi — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: biolukmançylyk elektronikasy — biologiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili); kompýuter lingwistikasy — iňlis dili, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inženertehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Köşi köçesi, 100,

tel.: 39-16-67.

Her bir ýokary okuw jaýlary boýunça resminama tabşyrmak üçin maglumatlary aýry habarlar görnüşinde saýtymyza iň gysga wagtda ýerleşdireris.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Talyp 2021: Okuwa kabul edişlik başlaýar

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler