JEMGYÝET

Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri täzelendi

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Magtymguly Baýramdurdyýewi işde goýberen kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine Allanur Altyýew bellenip, ol hem ministriň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Şeýle hem mejlisiň barşynda Serdargeldi Küljanow “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlary boýunça hem guramaçylyk meselelerine seredildi. Welaýatlar boýunça ýolbaşçylary wezipelere bellemek we wezipeden boşatmak babatda degişli kararlar kabul edildi.

Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde bellenilip geçildi.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri