JEMGYÝET

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025″ atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi başlady

Şu gün paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda  “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” (OGT 2025) atly XXX halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.

Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary açyp görkezmäge giň mümkinçilik döredýär. “Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan sergisine dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden köp sanly iri nebitgaz hem-de energetika kompaniýalary öz önümlerini, nebitgaz pudagyndaky alyp barýan hyzmatlary bilen tanyşdyrdy.

Serginiň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiziň Gutlag hatynyň okalmagy bilen başlandy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda şeýle diýilýär: “Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek öňde goýlan maksatlara ýetmegiň möhüm şertleriniň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, toplumyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek we logistik kuwwatyny berkitmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.”

DÜNÝÄNIŇ 70 DÖWLETINDEN 1400 WEKILIÝET GATNAŞÝAR

Dünýäniň esasy forumlaryň hatarynda görkezilýän “Tükrmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty we sergisi üstümizdäki ýylda 30-njy gezek geçirilýär.

Bu foruma 70 döwletden 1400-den gowral wekiliýet gatnaşýar. Wekiliýetleriň hatarynda BAE-niň meşhur “Dragon Oil” kompaniýasynyň Said Mohammed Al Taýer, Özbegistanyň energetika ministriniň orunbasary Azizhoja Kobilow, Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Orhan Zeýnalow, Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rowşan Najaf, Owganystanyň senagat we söwda ministri Nureddin Azizi we köp sanly iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bar.

Nebitgaz forumy bilen bilelikde geçirilýän sergä bolsa 100-den gowrak kompiýa gatnaşyp, olaryň hatarynda Hytaýdan, Hindistandan, Malaýziýadan, Italiýadan, Russiýadan we beýleki döwletlerden iri kompaniýalar bar. Şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edaralary hem öz diwarlyklarynda ýurdumyzda öndürilýän nebitgaz pudagyna degişli önümleri görkezdiler.

30 ÝYLLYK GIŇ MEÝDANÇA

30 ýyl bäri “Türkmenistan nebit we gaz” sergisi nebit, gaz we energetika pudaklarynda öňdebaryjy hünärmenler üçin esasy meýdança bolup çykyş etdi.

Maslahat göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energiýa ulgamyndaky global öňe gidişlikleri gözden geçirmek babatda ähmiýetlidir. Umumy mejlisler daşky gurşaw meseleleri, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we wodorod tehnologiýalary boýunça ugurlarda çykyşlar diňleniler.

“Dragon Oil” (Türkmenistan) Ltd., Türkmenistanyň energiýa pudagyny ösdürmäge uzak möhletleýin ygrarlydygyny tassyklaýan OGT 2025-iň baş hyzmatdaşy hökmünde ýene bir gezek çykyş edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: haryt dolanyşygy 2 milliarda ýetiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Garaşsyzlyk ýadygärligine gül goýdy

Ata Watan Eserleri