JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyna täze orunbasar bellendi

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň bilelikdäki sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda guramaçylyk wezipelerine seredildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Milli Liderimiz döwlet dolandyryş ugruny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hökümetiň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesini girizmek, ony Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalygyna hem-de Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek hakynda karara gelendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň täze orunbasary wezipesi döwlet we jemgyýetçilik gurluşynda, bilim we saglygy goraýyş, maliýe we ykdysadyýet ulgamlarynda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary doly derejede ösdürmekden, bu işlere gözegçilik etmekden ybaratdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine bellenip, Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň düzümine girizildi.

S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşadyldy.

Baýmyrat Annamämmedow Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenip, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara çäreleriň geçiriljek merkezlerine baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Klimow: Waşingtondaky sammit Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň täze eýýamyny görkezýär

ABŞ-nyň daşary işler ministri geljek ýyl Merkezi Aziýada saparda bolar

Milli Liderimiz: çagalaryň hiç biri hossarsyz däl, olaryň arkasynda dag ýaly döwleti durandyr

Ata Watan Eserleri