JEMGYÝET

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady. Bu barada “Altyn Asyr” teleýaýlymynda bellenilip geçilýär.

Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde jemgyýetçilik wekilleri bilen ýurdumyzy geljekki 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap hem-de şäher Halk Maslahatlarynyň agzalary gatnaşýar.

Mejlisde 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşylar hem-de öňümizdäki 30 ýyl üçin iň möhüm wezipeler kesgitleniler, şeýle hem mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etjek döwlet durmuşynyň örän möhüm meselelerine garalar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň işi iki bölekden ybarat bolup, onuň arakesme wagtynda toý sadakasy berler.

Şondan soňra bolsa, Halk Maslahatynyň mejlisi dowam eder. Onuň barşynda 2022 – 2052-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Bu Maksatnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň milli ösüşiniň senenamasynda taryhy waka öwrüler.

 

BäsleÅŸikler we tenderler barada…

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy