DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili 2026-njy ýylyň 9–13-nji fewraly aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy tarapyndan guralan zenanlara we maşgalalara goldaw bermek ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem degişli edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça tanyşlyk okuw maslahatyna gatnaşdy.

Maslahata döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş, bilim we durmuş hyzmat ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynda zenanlara goldaw bermek ulgamynda pudagara utgaşdyryş gurallaryny kämilleşdirmek, degişli edaralaryň we hyzmat ediji guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada çykyşlar diňlenildi we özara pikir alşyldy.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türküstan şäheriniň Saýram we Keles etraplarynda ýerleşýän Maşgala goldaw merkezleriniň alyp barýan işi bilen ýakyndan tanyşdylar hem-de ýerli derejede hyzmatlaryň ýerine ýetirilişi, hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary we öňdebaryjy iş usullary boýunça tejribe alyşdylar.

Şeýle-de maslahatda öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, maslahat beriş we goldaw hyzmatlaryny kämilleşdirmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Okuw maslahatynyň netijeleri boýunça zenanlara we maşgalalara hyzmat edýän ulgamyň işini kämilleşdirmek, pudagara hyzmatdaşlygyň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak boýunça degişli teklipler beýan edildi.

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi