DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi

Gruziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalarynyň bu ýurduň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginde Gruziýanyň beren goldawyna Türkmenistan uly baha berýändigi bellenildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumlaýyn we yzygiderli ösmeginiň berk binýady hökmünde çykyş edýän ýokary derejedäki saparlaryň orny aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň arasynda özara düşünişmekligi we ynamy, döredijilikli hyzmatdaşlygy alyp barmakda wajyp gurallarynyň biri bolup durýan parlamentara gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi. Şu nukdaýnazardan parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine gyzyklanma bildirdiler.

Ýene-de okaň

Putin we Pezeşkian Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistan çagalaryň saglygyny goramak üçin ählumumy halkara hyzmatdaşlyk guralyny döretmegi teklip etdi

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Premýer-ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Azerbaýjanyň Premýer-ministr Ali Asadow Aşgabada geler