JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlara garaldy hem-de kabul edildi.Maslahata birnäçe degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.Deputatlar gün tertibine laýyklykda, «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garadylar.Bu üç taraplaýyn Ylalaşygyň esasy maksady taraplaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, özara bähbitlilik esasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekden we güýçlendirmekden, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasy, energetika pudagy, oba hojalygy, azyk pudagy, himiýa senagaty, ulag, logistika we beýleki ugurlarda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.Mundan başga-da, deputatlar «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaça girizmek hakynda», «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýgtgetmeler girizmek hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.Maslahatda «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Suw kodeksine goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmensitanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň tasmalary ara alnyp maslahatlaşyldy.Şeýle hem deputatlar Arkadag şäherine aýratyn hukuk ýagdaýynyň berilmegi bilen baglylykda, hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de salgyt, saglyk, bilim, sport ulgamlaryna degişli kanunlary kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylan taslamalara garadylar.Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär