DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Russiýa Federasiýasyna  resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wiktorowiç Wolodin bilen duşuşygy boldy.

Milli parlamentiň Başlygy duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodine Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Taraplar iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini  bellediler.

Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iş saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejelere çykmagynda uly ähmiýete eýe bolandygy nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň  arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde toplanan oňyn tejribä hem-de iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidigi bellenildi.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň, şeýle hem milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, zenanlar, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek ýaly meselelerde tejribe alyşmagyň möhümdigini beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy