DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk toparynyň başlygy hanym Juzi Pinçiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Mejlisiň Başlygy myhmanlary Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda geçirilen sekizinji mejlisiň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, onuň geljekde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de türkmen tarapy Ýewropa döwletleriniň bu teklibi goldandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl üçin meýilleşdirilen we geçirilýän çäreleri nazara almak bilen, Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran häzirki saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, şertnama-hukuk binýadyny berkitmekde, özara tejribe alyşmagy giňeltmekde, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde, ony hil taýdan täze derejä çykarmakda ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklaryň, okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Kataryň Şura Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistan «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer

Özbegistan bilen Pakistanyň hyzmatdaşlygy stragetik derejä çykaryldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Katara sapary

Duşanbe şäherinde türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan dabaralar geçirildi