JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Irlandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Kler Brosnandan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy.

Ilçi şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi bilen gutlady we bu Forumyň döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-irland hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Irlandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Kler Brosnan sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary tamamlandy

Türkmenistan-Özbegistan: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: haryt dolanyşygy 2 milliarda ýetiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri