JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda  sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara  parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigi hem-de geljek ýylda ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde köp sanly halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bilen baglylykda, deputatlaryň bagtyýar halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygy barada kesgitlän wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara  hemaýat bermek      boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarow, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri  gatnaşdylar.

Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmagyň we ýylyň nyşanyny döretmegiň indi däbe öwrülendigi, munuň özüniň bolsa Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatyny we depginli ösüşlerini dünýä ýaýmakda, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmakda, raýatlarymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Maslahatda geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýändigi, bu şanly senäniň 2025-nji ýyly has-da dabaralandyrjakdygy guwanç bilen bellenildi. 2025-nji ýylyň şygarynyň we nyşanynyň ýurdumyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň, depginli ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň özboluşly beýanyna öwrülmelidigine üns çekildi. Bu ugurda halkymyzyň, ýaşlaryň arzuw-isleglerini nazarda tutmak bilen degişli işleri geçirmek barada öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda çykyş edenler 2025-nji ýylyň şygarynyň we nyşanynyň ýurdumyzyň döwlet berkararlygynyň, abadançylygynyň, täze eýýamda gazanýan üstünlikleriniň, jemgyýetimiziň jebisliginiň beýany bolup, eziz Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerine halkymyzyň ýürek buýsanjyny artdyrjakdygyny aýratyn bellediler. Şeýle hem ýurdumyzyň alyp barýan nusgalyk işlerini dünýäde giňden wagyz etmek we asylly ýörelgeleri geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetlidigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň italýan dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri