Wideoaragatnaşyk arkaly Mejlisiň wekilleri Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşdylar. Her ýyl geçirilýän bu çäre ilkinji gezek wideomaslahat görnüşinde guralyp, oňa 57 ýurtdan parlamentarileriň 270-e golaýy gatnaşdy.
Mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň ugurlary, hususan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, dawalaryň öňüni almak hem-de olary kadalaşdyrmak, COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady we ekologiýa netijelerini aradan aýyrmak hem-de gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, beýleki abraýly forumlarda eden resmi çykyşlarynda ýurdumyzyň halkara durmuşynyň ýokarda agzalan meseleleri boýuna düýpli çemeleşmeleriniň anyk beýan edilendigini bellemelidiris.
Milli Liderimiziň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge, dünýä bileleşigini tolgundyrýan ykdysady, ekologiýa hem-de ynsanperwer häsiýetli ählumumy meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşi üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary giň halkara goldawyna mynasyp boldy.
Häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge saldamly goşant goşmaga ýardam edýän parlamentara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki syýasy-diplomatik işiniň möhüm ugry bolup durýar.
Şu duşuşygyň çäklerinde wekiller ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň Baş sekretary Roberto Montellanyň çykyşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyşda guramanyň geçen ýylda alyp baran işiniň jemleri jemlenildi hem-de ýakyn geljek üçin meýilnamalar bellenildi.
Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasyna başlyklyk eder