2025-nji ýylyň 25-26-njy aprelinde medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäherinde boldy.
Duşuşygyň gün tertibine YHG-niň düzümine girýän ýurtlaryň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Medeniýet ministri A. Şamyradow duşuşykda eden çykyşynda taryhy hem-de medeni gymmatlyklara baý bolan Türkmenistan üçin syýahatçylygyň strategiki ähmiýete eýedigini belläp, ekologiýa we täsin tebigy mümkinçilikleri goralyp saklanylmagyna döwlet tarapyndan uly üns berýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, häzirki Türkmenistanda syýahatçylygyň ýurduň ykdysady ösüşiniň okgunly ösýän pudaklaryndan biri bolmak bilen, iş ýerleriniň döredilmegi, durmuş-ykdysady ösüş we halkara hyzmatdaşlygy üçin güýçli itergi bolup durýandygy bellenildi.
Erzurumda Syýahatçylyk boýunça ministrler duşuşygynda tejribe alyşmak, häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we YHG-niň sebitinde durnukly we gülläp ösýän syýahatçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolandygyny bellemelidiris.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet ministri A. Şamyradow birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdi.

Şeýlelik bilen, YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Han bilen geçirilen duşuşykda özara gyzyklanmalara laýyk gelýän syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Eýran Yslam Respublikasynyň medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Seýid Reza Salehi Amiri bilen türkmen wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda syýahatçylygy işjeň ösdürmäge, esasanam iki ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistanda we Eýranda geçirilen sergilere gatnaşmagy boýunça ylalaşyk gazanyldy.
Şeýle hem ministr A. Şamyradow Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we medeni, ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
