JEMGYÝET

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy başlady

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy (TIF-2024) dabaraly ýagdaýda başlady. Onuň işine “Atawatan Media” topary hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergisiniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Maýa goýum forunynyň gatnaşyjylaryna wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu forumyň ýurdumyzyň ykdysady ösüni hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň Maýa goýumy forumynyň dabaraly açylyş çäresine ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler, maliýe-bank institutynyň wekilleir, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary gatnaşdy.

Halkara foruma dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 400-den gowrak wekiliýet gatnaşýar. Gatnaşyjy döwletleriň hatarynda ABŞ-dan, Russiýadan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden we goňşy ýurtlardan beýleki köp sanly döwletlerden wekiliýetler bar.

Ýurdumyzda saparda bolýan Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Hajy Mohamad bin Hajy Hasanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy.

Mundan başga-da, Özbegistan Respublikasyndan ýokary derejeli wekiliýet gatnaşýar. Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Žamşid Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, olaryň düzüminde Özbegistanyň ulag ministri Ilham Mahkamow hem bar.

Maýa goýum forumy Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri halkara jemgyýetçiligine ýetirmek üçin örän möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.

Şeýle hem türkmen telekeçiler üçin forumyň ähmiýeti uly bolup, olaryň çäklerinde geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşyklar bilen giň mümkinçilikler açylýar.

Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy ertir öz işini tamamlaýar.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar