27-nji sentýabrda futbol boýunça Tütkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiginiň ýarymfinalynyň birinji duşuşyklary geçirildi. Onda “Merw” – “Ahal” hem-de “Altyn Asyr” – “Arkadag” toparlary duşuşdylar.
Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda futbol çempionatymyzyň ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Arkadag” topary myhmançylykda “Altyn Asyr” toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy. Mary şäherinde geçirilen duşuşykda “Ahal” myhmançylykda “Merw” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.
Kubok bäsleşiginiň jogap oýunlary şu ýylyň 20-nji oktýabrynda geçiriler.
***
Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň ýarymfinal duşuşyklary:
“Merw” – “Ahal” – 1:1
Gollar: 77 Murat Ýakşiýew (“Merw”) – 90+5 (11 m.j.u.) Elman Tagaýew (“Ahal”)
Duýduryşlar: 36 Merdan Saparow, 38 Maksat Atagarryýew, 90+3 Mukam Nazzyýew (“Merw”)
Meýdandan çykarylan: 90+3 Muhammet Öwezmyradow (“Merw”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), R.Ereşow (Türkmenabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Begnazarow (Mary ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)
***
“Altyn Asyr” – “Arkadag” – 1:4
Gollar: 76 Söhbet Durdyýew (“Altyn Asyr”) – 18 Abdy Bäşimow, 87 Begmyrat Baýow, 90+1 (11 m.j.u.), 90+2 Didar Durdyýew (“Arkadag”)
Duýduryşlar: 90 Döwletmuhammet Jallatow (“Altyn Asyr”) – 72 Ybraýym Mämmedow (“Arkadag”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
