Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda Jemagat hojalygy birleşikleri üçin ýurdumyza gelip gowşan täze, kuwwatly awtoulaglardyr tehnikalar, olaryň enjamlary dabaraly ýagdaýda garşylanyldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan täze tehnikalar Diýarymyzyň çar künjeginde jemagat hojalygy işleriniň has göwnejaý ýola goýulmagyny üpjün eder.
Ahalda. Jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, tehnikalardyr enjamlaryň yzygiderli satyn alynmagy täze taryhy döwrümizde jemagat hojalygy gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ilata edilýän hyzmatlaryň derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalaryň rowaçlanýandygyny görkezýär. Bu tehnikalar ilatly ýerlerde, şol sanda şäherlerdir şäherçelerde, obalarda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini döwrebap alyp barmaga mümkinçilik berýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde Ahal welaýatyna ýöriteleşdirilen täze awtoulaglaryň 100-siniň, enjamlaryň 62-siniň gelip gowuşmagy pudagyň işgärleriniň göwnüni galkyndyrdy. Ahal welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyna gelip gowşan bu tehnikalaryň arasynda zeý suwlaryny sorujy, ýokary basyşda lagym ulgamlaryny arassalaýjy, zir-zibil ýükleýji we daşaýjy, agyr ýük göteriji, ýol ýuwujy-süpüriji, suw daşaýjy awtoulaglar, beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalar, şeýle-de awtobuslar bar. Hytaýda öndürilen kämil tehnikalar etraplaryň Jemagat hojalygy müdirlikleriniň ygtyýarynda bolar we olary öz işine ussat hünärmenler dolandyrarlar.
***
Balkanda. Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrap Jemagat hojalygy müdirliginde ýurdumyzyň jemagat hojalygy pudagynyň maddy-tehniki binýadynyň üstüni ýetiren täze, döwrebap tehnikalary garşylamak dabarasy uludan tutuldy. Oňa birleşigiň we ýerli müdirlikleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Gelip gowşan täze tehnikalaryň hatarynda zeý suwuny sorujy, ýokary basyşda lagym ulgamlaryny arassalaýjy, süpüriji-ýuwujy, zir-zibil ýüklenýän, konteýnerli zir-zibil daşaýan, ýol-germew we barýer ýuwýan ýöriteleşdirilen köpugurly, kiçi ýol ýuwujy-süpüriji, agaç owradyjy, ýük göteriji, suw daşaýjy, ýokary basyşly ýol ýuwujy hem-de beýleki dürli işleri ýerine ýetirýän awtoulaglardyr goşmaça enjamlar bar. Ähli amatlylygy bilen tapawutlanýan kuwwatly awtoulaglar hem-de ýörite tehnikalar Balkan welaýatynyň etrapdyr şäherleriniň Jemagat hojalygy müdirlikleriniň garamagyna berler. Gelip gowşan jemi 159 tehnikanyň 97-si jemagat hojalygynyň ähli işlerinde peýdalanyljak awtoulaglar, 2-si goşmaça, 60-sy bolsa awtoulaglaryň enjamlarydyr. Ýeri gelende aýtsak, birleşige gelip gowşan täze tehnikalar Hytaý Halk Respublikasynyň «Zoomlion», «Dongfeng» we «Infore Enviro» kompaniýalarynyň önümleridir.
***
Daşoguzda. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek boýunça amala aşyrýan işleriniň çäklerinde Daşoguz welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy birleşigine hem ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň 88-si, zir-zibil ýükleýji konteýnerleriň bolsa 60-sy gelip gowuşdy. Täze ýylyň nurana gününde welaýat häkimliginiň öňündäki giň meýdançada täze tehnikalar uly dabara bilen garşy alyndy. Kuwwatly tehnikalaryň esasy bölegini welaýat merkezinde, beýleki bölegini bolsa birleşigiň etraplardaky düzümlerinde ulanmak göz öňünde tutulýar. Olar birleşigiň ähli düzümlerinde ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
— Hormatly Prezidentimiz şanly ýylymyzyň ajaýyp günlerinde döwrebap ýöriteleşdirilen awtoulaglary sowgat edip, göwünlerimizi galkyndyrdy. Şol ýük awtoulaglarynyň birini sürmek bagtyna eýe bolandygyma çäksiz begenýärin. 15 ýyldan gowrak wagt bäri welaýatymyzdaky Jemagat hojalygy birleşiginde sürüji bolup işleýärin. Birleşigimiziň işçileri, sürüjileri şäherimizde arassaçylyk çärelerini geçirmek, ilata ýokary derejeli durmuş hyzmatlaryny etmek ugrunda jan aýaman zähmet çekýärler. Täze awtoulaglaryň gelip gowuşmagy bilen, işlerimiz has-da kämilleşer — diýip, birleşigiň sürüjisi Ämet Razzakow aýdýar.
***
Lebapda. Jemagat hojalygy birleşikleri üçin ýurdumyza gelip gowşan täze, kuwwatly awtoulaglar, tehnikalardyr olaryň enjamlary düýn ýurdumyzyň gündogar sebitinde hem dabaraly ýagdaýda garşylanyldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde getirilen täze tehnikalar welaýatyň dürli etrap-şäherlerinde jemagat hojalygy işleriniň has göwnejaý alnyp barylmagyna ýardam eder.
— Biz şu gün hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren tehnikalarynyň 150-ä golaýyny kabul etmek bagtyna eýe bolduk. Elbetde, olar döwrebap mümkinçilikleri bilen ozalky bar bolan ulaglarymyzdan, tehnikalardyr enjamlardan has tapawutlanýar. Täze tapgyrda welaýatymyzyň etrap-şäherlerindäki jemagat hojalygy işlerinde ulanyp boljak dürli kysymly ulaglaryň 80-e golaýy bar. Bulardan başga-da, birleşigimiziň maddy-tehniki binýadynyň üsti kuwwatly tehnikalaryň 7-si bilen ýetirildi. Olaryň arasynda ýükleýji ekskawatorlar, öň tarapdan ýükleýjiler we tekerli ekskawatorlar bar. Şeýle hem üç görnüşli enjamlaryň — zir-zibil daşaýjy ulag üçin açyk görnüşli konteýnerleriň, bag göçürmek üçin we aýratyn dakylýan enjamlaryň 60-dan gowragyny kabul etdik — diýip, Lebap welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy birleşiginiň baş inženeri Merdan Açylow gürrüň berdi.
***
Maryda. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başynda Mary welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy birleşigine hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy «Zoomlion» kompaniýasyndan satyn alyp beren awtoulaglarynyň we beýleki tehnikalarynyň täze tapgyrynyň gelip gowuşmagy sebitiň bagtyýar ýaşaýjylary üçin buýsandyryjy wakalaryň birine öwrüldi. Birleşige gelip gowşan täze awtoulaglar halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli däp-dessurlaryna laýyklykda, ýagşy dileg-arzuwlar bilen garşylanyldy.
Ýokary basyşda lagym ulgamlaryny arassalaýjy, ýerasty suwlary sorujy, köçeleri süpüriji, ýuwujy, zir-zibili gapdalyndan ýükleýji mehanizmler, konteýnerli zir-zibil daşaýan awtoulaglar, ýol ýuwujy-süpüriji kiçi awtoulaglar, ýük göteriji, suw daşaýjy we ýol ýuwujy, gidrogaldyryjy, göteriji enjamly ýol ýuwujy, göçme ussahanaly awtoulaglar, awtobuslar, ýükleýji ekskawatorlar, öň tarapyndan ýükleýji traktorlar, tigirli ekskawatorlar, aýratyn dakylýan enjamlar jemagat hojalygy işgärlerine işleri ýokary derejede guramakda ýakyndan ýardam eder. Olaryň 79-sy ýöriteleşdirilen awtoulaglar, 7-si ýöriteleşdirilen tehnikalar, 62-si bolsa awtoulaglara dakylýan enjamlardyr
