JEMGYÝET

Türkmenistanyň ilçisi Şri Lankanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Kolombo şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky (oturýan ýeri Nýu Deli ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Geldynazarow Şri Lankanyň Prezidenti Ranil Wikramasinghe ynanç hatlaryny gowşurdy.

Dabaranyň çäklerinde Ilçi Şri Lankanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Öz gezeginde Şri Lankanyň Prezidenti Ranil Wikramasinghe Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem ähli türkmen halkyna hoşniýetli we tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny aýtdy.

Gysga söhbetdeşligiň dowamynda döwletleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge eýe bolan amatly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Bu babatynda Türkmenistanyň we Şri Lankanyň Merkezi Aziýa sebitinde dostlukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýändigi hem nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär