DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Gruziýanyň Basylyp alnan ýerlerinden mejbury göçürilen adamlar, zähmet, saglyk we sosial goraýyş ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Ministr M.Sarjweladzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň döwletara gatnaşyklarynyň çuňlaşmagynda uly orun eýeleýändigini bellediler. Türkmenistan bilen Gruziýanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygy hakynda aýratyn nygtaldy.

Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna we 2025-nji ýyl – «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp geçiriljek uly gerimli halkara çäreler hakynda ministre gürrüň berdi. Şeýle hem türkmen diplomaty 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň 61-nji plenar ýygnagynda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakyndaky Kararnama awtordaş bolandygy we goldandygy üçin Gruziýanyň hökümetine minnetdarlygyny bildirdi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda, ýagny saglygy goraýyş ulgamynda özara hyzmatdaşlyk, lukmançylyk syýahaty, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem bilelikde maslahatlary, seminarlary we forumlary geçirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Olar bu çäreleriň türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Türkmenistan Stambul şäherinde Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi

“Awaza – dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwaly geçiriler